Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. Şäheriň köçelerinde geçirilen 51 aýlawdan ybarat ýaryşda «McLaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri ýeňiş gazandy. 23 ýaşyndaky pilot 2-nji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 32 minut 58,007 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki Wengriýa «Gran Prisinden» soň, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram etdi.
Ýaryşda 1-nji hatardan bat alan «Ferrari» toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler 2-nji orny eýeledi. Ol ýeňijiden 10,910 sekunt yza galdy. 2-3-nji ýerler ugrunda göreşen Serhio Peres («Red Bull») bilen Karlos Saýns Junior («Ferrari») 49-njy aýlawda çaknyşyp, ikisi hem ýaryşy tamamlap bilmediler. Olaryň ýaryşdan çykmagyndan soň, «Mercedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell 3-nji bolup pellehanadan geçmegi başardy. Ondan 4 sekunt töweregi yza galan «McLaren» toparynyň britan sürüjisi Lando Norris 4-nji orny eýeledi. Soňky çempion Maks Werstappen («Red Bull») bu ýaryşda-da ýeňiş gazanyp bilmän, ol 5-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Werstappene 7 ýaryşdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.