Owganystanyň Magdan senagaty ministrligi soňky üç ýylda 200-den gowrak kiçi we iri kompaniýa bilen magdan gazyp almak boýunça şertnamalara gol çekilendigini habar berdi. Ministrligiň maglumatlaryna görä, ýurduň welaýatlaryndan peýdaly magdanlary gazyp almak boýunça 30 töweregi şertnama baglaşylyp, gurşun, sink, demir, kömür we beýleki magdanlary gazyp almaga maýa goýumlarynyň mukdary 7 milliard dollara deň boldy.
«Bu şertnamalar pudakda 150 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün etdi» diýip, «TOLOnews» web saýty habar berdi. Käbir ykdysady bilermenler standartlaşdyrylan içerki gazylyp alynýan peýdaly magdanlar Owganystanyň ykdysady ösüşi üçin peýdaly boljakdygyny aýdýarlar.