Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Merkezi Aziýa üç günlük saparynyň ilkinji gününde migrasiýa barada ikitaraplaýyn şertnama gol çekdi. 15-nji sentýabrda Samarkantda gol çekilen şertnama, ilkinji nobatda, saglygy goraýyş we bilim pudagyndaky hünärmenleriň, ýagny hünärli işgärleriň Özbegistandan Germaniýa barmagynyň tertibini aňsatlaşdyrmaga niýetlenendir.
Kansler Olaf Şols Samarkantda gol çekilen şertnamanyň Germaniýanyň beýleki döwletler bilen baglaşmak isleýän şuňa meňzeş şertnamalary üçin nusga bolup durýandygyny aýtdy. Synçylaryň pikiriçe, ikitaraplaýyn şertnamalar koalisiýa hökümetiniň migrasiýa syýasatynyň esasy bölegidir. Mundan öň Germaniýa Gruziýa, Hindistan, Kolumbiýa we Marokko bilen şuňa meňzeş şertnamalara gol çekdi.