Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Ýewropa komissarlygyna dalaşgärleriň tassyklanmagynyň gijä galandygyna garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň täzelenen ýerine ýetiriji organynyň işe başlamagynyň senesiniň 1-nji noýabrda boljakdygyny öňe sürdi. Bu barada «Politico» neşiri habar berýär.
Ursula fon der Lýaýen gender deňagramlylygyny saklamak maksady bilen käbir ýurtlaryň ýewrokomissarlyga dalaşgärlerini üýtgetmegini haýyş etdi. Şonuň üçin olaryň soňky sanawy entek taýýar däl.