Oktýabr aýynyň ahyrynda Kazanda guraljak BRICS-iň sammitine 20 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Kazanyň şäher häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.
«BRICS sammitine daşary ýurtlardan çagyrylan 36 lideriň 18-si sammite gatnaşmakçydygyny tassyklady» diýlip, beýanatda bellenilýär. Mundan başga-da, döwlet Baştutanlary bilen geljek wekiliýetlerden başga-da žurnalistleriň, tehniki işgärleriň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we meýletinçileriň gelmegine garaşylýar.