Awgust aýynyň ahyrynda Hytaý dünýäde bir aýda 1 milliondan gowrak elektroulag satan ilkinji ýurt boldy. Hytaýyň ýeňil awtoulag birleşiginiň (CPCA) maglumatlaryna görä, geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende, bu ösüş 33 göterim boldy. Ýewropa Bileleşiginde we Beýik Britaniýada elektroulag satuwy 4 göterim azaldy. Pese gaçyşlygyň sebäbi Germaniýada subsidiýalaryň ýatyrylmagy we Ýewropa Bileleşiginiň hytaý elektroulaglary üçin söwda çäklendirmeleri boldy.
«Şol bir wagtyň özünde elektroulaglara bolan global isleg artmagyny dowam etdirýär» diýip, «Rho Motion» barlag kompaniýasy habar berýär. 2024-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde 9,8 million elektroulag satyldy, awgust aýynda ýyllyk ösüş 20 göterime deň boldy. Elektroulaglary we gibridleri öz içine alýan ulag serişdeleriniň paýy Hytaýda ýolagçy awtoulaglarynyň umumy satuwynyň rekord derejede 53,5 göterimine ýetdi.