Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisidanyň ýerine Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) täze başlygyny saýlamak boýunça kampaniýalar resmi taýdan başlandy. 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek maslahat beriş ulgamy ornaşdyrylandan soň, 9 dalaşgär, şol sanda, iki zenan bu wezipä dalaş edýär. Dalaşgärleriň sanynyň köpelmegi partiýa fraksiýalarynyň ýatyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Saýlawlardan öňki çekişmeleriň esasy mowzugy syýasy özgertmeler we partiýanyň täzelenmegi boldy. Täze dolandyryjy partiýanyň liderligine saýlawlar 27-nji sentýabrda geçiriler we ýeňijiniň Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri bolmagyna garaşylýar.