Sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik bilen toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna merjen şäherimiz Aşgabatda hem uludan taýýarlyk görülýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen rowaçlanýan ak mermerli paýtagtymyz döwrüň kämil binagärlik sungatyna öwrüldi.
Üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara ulaşýar. Bilşimiz ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç, gözlerine çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar.