«Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet

18 Sentýabr 2024
506

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berlen gününden welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary, daýhan hojalyklarynyň agzalary şu ýyl atyzlarda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary giň gerimde ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, häzirki günlerde etraplaryň, daýhan birleşikleriň ählisinde, «ak altynly» meýdanlarda joşgunly zähmet barha ýokary depgine eýe bolýar.

Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem bu jogapkärli möwsümde aýratyn gaýratlylyk görkezýändiklerini bellemek ýerliklidir. Çünki olar 20,5 müň gektar meýdanda ýetişdirilen «ak altyny» ýygnamak işine öňdäkileriň hatarynda guramaçylykly girişip, oňa ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, etrabyň zähmetsöýer pagtaçylary Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki ýakymly, dabaraly günlerde öz yhlasly zähmetleri bilen oňat görelde görkezmegi başarýarlar. Munuň özi döwlet harmanyna gündelik tabşyrylýan pagtanyň barha artmagyna şert döredýär.

Ýörite habarçymyz.