Dünýä giňişliginde rowaç tutumlar

18 Sentýabr 2024
640

Şu günlerde ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat taryhy wakalara beslenýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatynda iş saparynda bolup, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegine hem-de gurluşygyna badalga bermegi, hormatly Prezidentimiziň Gazagystanda geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmagy we paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň geçirilmegi baş baýramyň bosagasyndaky günlere aýratyn öwüşgin berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşan çäreleriniň has netijeli we milli bähbitlere baý bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Milli Liderimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, türkmen-owgan halklarynyň durmuşy bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara badalga bermegi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amal etmegiň çäklerinde goňşy ýurtda ulanylyşa girizilen bu beket sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen elektroenergetika pudagynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berer.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.