XI. Türkmenistanyň gaz senagatynyň ösüşi: şu güne we geljege nazar

16 Sentýabr 2024
383

1966-njy ýylda gaz gory boýunça iri Ojak gazkondensat käniniň ulanyşa girizilmegi bilen, ol Türkmenistanyň gaz senagatynyň döredilen ýyly hökmünde senelenip, ondan bäri geçen alty onýyllyga barabar döwürde bu pudakda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy Türkmenistanyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Bu gün gaz senagatynyň ösüşi we tebigy gazyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ýaşaýyş-durmuş hajatlarynda giňden ulanylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düýpli özgerýändiginiň şaýady bolýarys.

Dünýäde iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kub metre barabar bahalandyrylýar. Ol ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem-de dünýä energetika bazarynda öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär. «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanyşa girizilmegi Türkmenistany tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýa Federasiýasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan we Katar Döwletinden soň dördünji orna çykardy.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».