Mar­kes ýe­ne-de ýe­ňiş ga­zan­dy

13 Sentýabr 2024
289

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy San Ma­ri­no «Gran Pri­si» Ri­mi­ni şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Şä­her­dä­ki 4,2 ki­lo­metr­lik Mi­sa­no Mar­ko Si­mon­çel­liniň adyny göterýän halkara tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len 27 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da «Gi­re­si­ni Ducati» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 9-njy bo­lup baş­lan ýa­ry­şy­ny 42 mi­nut 52,083 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki bas­syr 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 61-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Iki hep­de öň 3 ýyl­dan soň il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nan Mark Mar­kes 2021-nji ýyl­dan bä­ri yz­ly-yzy­na 2 ýa­ry­şy bi­rin­ji­lik bi­len ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy.

Ýa­ryş­da «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­le­ri 2-3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Ýe­ňi­ji­den 3,1 se­kunt yza ga­lan Fran­çes­ko Ba­naia 2-nji, 5,4 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len Enea Bas­tia­ni­ni 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.