Nesil terbiýesinde milliligiň şöhlesi

11 Sentýabr 2024
420

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir. Ýaş nesli türkmen halkynyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary, olaryň asylly häsiýetleri bilen kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, belent üstünliklere ýetilýär. Şeýle beýik ösüşler ildeşlerimizde buýsanç döredýär, olary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu gün mugallymlar hem ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň ylym-bilimli bolmaklaryna öz goşantlaryny goşýarlar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçynyň bilimi bilen bir hatarda, terbiýesine hem üns bermek zerurdyr. Bu işde mugallyma örän uly orun degişli bolup durýar. Mugallym özüniň guraýan her bir sapagyny terbiýeçilik işleri bilen baglanyşdyrsa, sapak has-da ýerine düşer.

Rejepbaý ILLIÝEW,
Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.