Güýzüň şypaly nygmatlary

11 Sentýabr 2024
373

Aslynda, güýz pasly ýokumlaryň we ýokumly maddalaryň pasly diýsegem boljak. Bu pasyl ynsan saglygyna zerur ýokumlary özlerinde saklaýan örän peýdaly miweleri we bakja önümlerini eçilýär.

Güýz paslynyň miweleri diýlende, ilki bilen, göz öňüňde, nar, behi, kädi ýaly miwelerdir bakja önümleri janlanýar. Nara bolsa ýöne ýere «Miweleriň şasy» diýilmeýär. Ol ýokarda hem belleýşimiz ýaly, düzüminde ynsan saglygyna peýdaly maddalary we ýokumlaryň örän kän mukdaryny saklaýar. Naryň ýokumlylygy düzüminde aminokislota, foliý turşusy, demir, tanin, marganes, natriý, kaliý, kletçatka ýaly peýdaly maddalary jemleýändigi bilen baglydyr. Nar degna we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işleýşini gowulandyrmaga, ýüregagyrynyň howpuny azaltmaga ýardam edýär. Naryň ýene bir artykmaçlygy bedenden toksinleri aýyrmagydyr.

Selbi AZADOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.