Ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmäge, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgady bilen barýarlar. Olar ýakynda Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda 403 belgili ulanyş guýusyndan «gara altynyň» senagat akymyny almagy başardylar. Ussa Täçberdi Dädebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4500 metr bolan täze guýynyň önümli aşaky gatlagynyň 4359 — 4356 metr we 4350 — 4345 metr araçäklerinde özleşdirme işlerini geçirip, senagat ähmiýetli nebit akymyny almagyň hötdesinden geldi. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-70-DB» kysymly buraw desgasy ulanyldy.
Täze guýy synag-sazlaýyş işlerinden soň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu ýerde gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýan guýularyň sany 12-ä ýetýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp garşylaýan burawlaýjylar olaryň dördüsini ýakyn günlerde önümçilige tabşyrmagy maksat edinip, ruhubelent zähmet çekýärler.