2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynda elektron söwdanyň ösüşi 40 göterimden gowrak boldy. Bu barada ýurduň söwda we senagat ministriniň orunbasary Roman Çekuşow mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Russiýanyň içerki bazarynda 3,85 trillion rubllyk elektron söwda amala aşyrylypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41 göterim ýokarydyr. Mundan başga-da, hasabat döwründe ýurduň içerki bazarynda elektron söwdanyň paýy 14,9 göterime deň bolupdyr. Deňeşdirmek üçin bu görkeziji geçen ýylyň jemleri boýunça 13,8 göterime barabardy.
Çaklamalara görä, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurtda elektron söwdanyň 50 göterimden gowrak ösüş gazanmagyna garaşylýar.