Koreýa Respublikasy geçen aýda hem eksportyny görnetin artdyrmagy başardy. Şeýle ýagdaý indi bassyr 11 aý bäri hasaba alynýar. Hünärmenler muny dünýä bazarynda ýarymgeçirijilere, smartfonlara we beýleki tehnologiýa harytlaryna islegiň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
2024-nji ýylyň awgust aýynda Koreýa Respublikasynyň eksporty 11,4 göterim ýokarlanyp, 57,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde bu ýurt Hytaýa eksportyny 7,9 göterim (11,4 milliard amerikan dollarlyk eksport), Ýewropa Bileleşigine 16,1 göterim (6,4 milliard amerikan dollarlyk eksport) hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna 9,3 göterim (11,1 milliard amerikan dollarlyk eksport) ýokarlandyrdy.