Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir belent maksat ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň aýdyň subutnamasyny bolsa bu günki gün her bir ädimde görmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýän häzirki zamanasynda ylmyň öňdebaryjy tejribelerini, hünärlerini özünde jemleýän bu ýokary okuw mekdebinde talyp ýaşlara döwür bilen deň gadam urmaga, ukyply ussat hünärmenler bolup ýetişmäge ähli zerur şertler döredilen.
«Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna mynasyp bolmak biz — talyp ýaşlar üçin egsilmez bagt, çuňňur buýsançdyr. Bize okamaga, öwrenmäge şeýle giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksiz!