Ýaş Watan goragçysy hökmünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annayew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berlendigi üçin buýsanjymyzyň çägi ýok. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabara bilen bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde biz — ýaş watançylara ajaýyp sowgat boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesiller bilen birlikde harby okuwçylaryň okamagy, öwrenmegi, dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryndan kämil baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda harby mekdebimiziň döwrebap binalar toplumynda täze okuw ýylyna başlamak Watana bolan beýik söýgümizi has-da artdyrdy. Biz — harby okuwçylar ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän bilim ojagynda okap, başlangyç harby hünäre eýe bolýandygymyz üçin diýseň buýsanýanys.