Ak mekdepler giňden açdy gujagyn

4 Sentýabr 2024
402

Milli bilim ulgamynyň hiliniň hem-de mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmak ulgamda yzygiderli alnyp barylýan netijeli özgertmeleriň düýp maksadydyr. Toý-baýramlara baý bolan altyn güýz paslynyň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralarda şeýle buýsançly hakykat aýratyn nygtalyp aýdyldy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde giň gerime eýe bolan baýramçylyk dabarasy hem şeýle çuň mazmunly çäreleriň biri boldy. Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».