Robototehnika — geljegiň ugry

4 Sentýabr 2024
437

Ozal habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi işläp başlady. Ýurdumyzda soňky ýyllarda öwrenilip başlanan bu ugur milli bilim ulgamynda ileri tutulýan hünär bilimine öwrülýär. Ol ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň (ÝUNISEF) ýardam bermeginde döredilen täze merkeziň maksady ýaşlara STEAM bilim modelini tejribäniň üsti bilen berkidip öwretmekden hem-de bu işi has giňden ýaýbaňlandyryp, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralaryna görelde bolmakdan, robototehnika önümlerini amaly taýdan peýdalanmagyň esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu maksatlara ýetmek üçin bolsa täze merkez 8 — 12 adamlyk toparlaýyn okuw işlerini alyp barmaga giňden ýardam edýän tehniki serişdeler hem-de enjamlar bilen üpjün edildi.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».