Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda uludan toýlanýan Bilimler we talyp ýaşlar güni jemgyýeti üýtgeşik ruhy ahwal gurşap alýar. Täze okuw ýylyna badalga berilmegi bilen, uludan-kiçi her birimiz toý şatlygyny, ruhy galkynyşy başdan geçirýäris. Şol bir wagtyň özünde-de kalbymyz mukaddes duýgular, ýagty umytlar, ak arzuwlar bilen nurlanýar. Bu nurana duýgular biziň halkymyzyň bilime bolan mukaddes garaýşyny, bilim-ylym öwredýän mugallymlara goýulýan uly hormat-sylagy, döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň ýokary derejeli bilim-terbiýe almagy üçin iň gowy derejede döredilýän mümkinçilikleri, başlary nepis tahýaly, milli eşikli, buýsançly oglan-gyzlaryň geljege bolan synmaz ynamyny gursaklarynda göterip, ata-enelerimiziň döwletli ýörelgelerini dowamata mynasyp atarýan nesiller bolup ýetişýändikleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylmagy ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň, döwletimiziň adam maýasynyň ösmegine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp mysallarydyr. Ine, bu ýyl hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň ençemesi açyldy. 2024-2025-nji okuw ýylynyň dabaraly baýramçylyk nyzamynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilmegi akyldar şahyrymyza goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr.