Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň täze belentliklere çykmagy, şeýle-de ýaş nesle berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Ata Watanymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly bellenip geçilmegi hem şeýle tagallalaryň güwäsidir. Şol şanly günde ak mekdepleriň 1-nji synpyna gadam basýan alty ýaşly çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuteriň gowşurylmagy olaryň şatlygyny goşalandyran waka öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary derejede bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň bolandygyny guwanç bilen bellemek bolar.
Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Sultan Ergeşow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly açyldy. Döwrebap mekdebiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi iki halkyň dost-doganlygynyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.