Giň gerimli ösüşleriň üstünlikli ýolunda

2 Sentýabr 2024
374

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli önümleriň önümçiligini hem-de olaryň eksport ugurlaryny has-da giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 80-den gowrak kärhana hereket edýär. Ministrligiň garamagyndaky hereket edýän toplumlaryň önümçiliklerinde sütükli we sütüksiz, örme matalaryň, jinsi, şeýle hem öndürilýän matalardan taýýarlanylýan taýýar tikin-örme önümleriniň dürli görnüşleri içerki bazar bilen bir hatarda daşary ýurtlara eksport edilýär. Onuň möçberiniň barha artýandygy bolsa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ugurda öndürijilikli işleri ýola goýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigidir. Kuwwatly awtomatik enjamlar ornaşdyrylan fabrikde önümçilik üstünlikli alnyp barylýar. Onda Germaniýanyň, Şweýsariýanyň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli egriji maşynlarynyň işledilmegi netijesinde, günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. 2005-nji ýylda işe girizilen bu kärhana zerur bolan çig mal welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär.

Ady agzalýan kärhanada ýanwar — iýul aýlarynda 61 million 51 müň manatlykdan gowrak önüm, ýagny 2 482 tonna nah ýüplük öndürildi. Şonuň 1 241 tonna golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilmegi bolsa, fabrikde öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarydygyny tassyklaýar. Degişli çeşmeleriň bellemegine görä, Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigi 7 aýdan gowrak wagtyň dowamynda 2 826 tonna ýüplük öndürip, 69 million manatlyga golaý girdeji gazanypdyr.

«Biznes reklama».