Döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmeklige döwlet derejesinde berilýän ünsüň örän ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Özleri üçin edilýän aladalardan ruhlanyp, ýaşlar döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.