Munuň şeýledigini bu gün hemmelere joşup-joşup gürrüň beresim gelýär. Talyp bolmak bagtynyň ykbalymda düşlemegi üçin ençe ýyllap göwün ýüwürtme kemini goýmadym. Çagalygymdan sporta höwes etmegim meni sport oýunlarynyň teswirleýjisi hünärine alyp geldi. Şu güne çenli teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda türgenleriň ýurdumyz boýunça, şeýle-de halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişlerini, täze üstünlikleriniň buşluklaryny il-günümize ýetirip geldik. Göni ýaýlymda şatlyklaryny paýlaşdyk.
Bularyň ählisi geljekde saýlap aljak hünärime has-da yhlasly ýapyşmagyma, öňümde goýan maksatlarymyň myrat tapmagyna itergi berdi. Ýollar meni ahyr indi ençe ýyllap talyby bolup adyny göterjek şu ýokary okuw mekdebiniň bosagasyna getirdi. Nesibäm çekip, arzuwlarym hasyl boldy.