Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda depginli işler alnyp barlyp, degişli wezipeler doly ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işçi-hünärmenleri öňde goýlan wezipäni abraý bilen berjaý etmek üçin bada-bat tutumly işlere girişdiler. Olar baglaşylan şertnama boýunça önümçilik işlerini eýýäm tomsuň ortaky aýynda tamamlap, şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgat beriljek 155 müň 641 sany «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriniň ýarysyny — 77 müň 821-sini taýýarladylar. Birinji synpa okuwa gitjek çagalara berilýän noutbuklaryň galan ýarsyny bolsa «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy taýýarlady.