Talyplyk — bagtlylyk

28 Awgust 2024
497

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin köpugurly şertleri döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň hem ykbalymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu ýokary okuw mekdebinde okamak, bilim almak durmuşymda täze sahypany açar.

Hünärime kämilleşip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşine mynasyp goşandymy goşaryn. Biz — ýaşlar ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň güýç-kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip belleýär. Halkymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gülälek HOMMATLIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.