Haçan-da sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgeleriniň gysga dolanyşygyny ulanyp bolmaýan halatynda, R3, R4, R5, R6 we R7 ýörelgeleri iň oňat strategiýa diýlip hasaplanylýar. Bu ýörelgeler harytlary we olaryň böleklerini ykdysadyýetde has uzak saklamak bilen, önümleriň ömrüni uzaltmaga kömek edýärler. Materiallar we olaryň bölekleri seresaplylyk bilen sökülende, başga bir ýerde dürli maksatlar üçin gaýtadan ulanylyp bilner. R3 – R7 ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi üçin bazaryň kabul ediş ukyby, kämil logistika, bu prosese gatnaşyjylaryň peýdaly işlemegi, materiallaryň dolanyşyk dowamlylygynyň bahalandyrylmagy (LCA — Life Cycle Analysis) we şol ýörelgeleriň dürli işewürlik modelleri arkaly ýaýradylmagy zerurdyr. Gaýtadan ulanmagy höweslendirmek üçin, kompaniýalar öz işjeňligini «önüm hyzmat hökmünde (PaaS)» görnüşli sirkulýar ykdysadyýetiň işewürlik modeline laýyklykda
guramaga çalyşmalydyrlar.
R3 — gaýtadan ulanmak (reuse) ýörelgesi. Bu ýörelge bir sarp ediji üçin gymmadyny ýitiren, beýleki sarp ediji üçin zerur bolan önümi ikilenç ulanmagy üpjün edýär. Ol sarp edijileriň arasynda önümleri gaýtadan satmaklyga işjeňleşdirýär. R3 ýörelgesiniň ýaýramagy netijesinde bilelikde peýdalanmak ykdysadyýeti ösýär.