Oňaýly, rahat hem-de islegli

21 Awgust 2024
617

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda telekeçiler üçin erkin ykdysady gatnaşyklaryň we ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýola goýulmagy, banklardan ýeňillikli karzlaryň goýberilmegi netijesinde dürli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmen işewürleri öz ukyp-başarnygyna, döredijiligine, zähmet tejribesine kybap gelýän önümleri öndürip, alyjylara hödürleýärler. Şeýle öňdebaryjy işewürleriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Azat Joraýewi hem görkezmek bolar. Onuň esaslandyran «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri öz önümleri bilen tanalyp gelýär. Biz hem bu hususy kärhananyň işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin kärhananyň ýolbaşçysy Bahar Imamowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Türkmenabat şäherinde-de tikin-çatyndan başy çykýan, çeper elli gelin-gyzlar az däl. Biz hem ilki bolup şol tikinçileriň, bezegçileriň ökdelerini bir ýere jemledik. Olaryň ukyp-başarnygyny nazara alyp, hersini dürli iş lybaslaryny tikmäge ugrukdyrdyk. Ilkibada her günde lukmanlar we şepagat uýalary üçin niýetlenilen lukmançylyk geýimleriniň, ortaça, 300-den 500-e çenlisini tikip taýýarladyk. Hytaý, Germaniýa, Türkiýe, Ýaponiýa ýaly döwletlerde öndüren tikin enjamlary ornaşdyrylan önümçiligimizde işler günsaýyn ugrugyp gitdi. Iş geýimini geýen adamyň özüni rahat duýmagyny gazanmagyň üstünde köp iş etdik. Tikiliş we bezeg aýratynlyklaryna ünsi güýçlendirdik. «Yhlasa — myrat» diýleni, öndüren önümlerimizden hoşal bolýan ildeşlerimizden has köp sargytlar gelip başlady. Beýleki pudaklardan hem sargytlary alyp ugradyk.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.