Aýdym-sazyň jadylaýjy owazyndan maýyl bolmak, ykbalyňy şol sungata baglamak guýmagursak zehini we irginsiz yhlasy talap edýär. Biziň söhbetdeşimiz hem gyjak we skripka saz gurallarynda belent owazlary ýerine ýetirýän Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Agamyrat Jumaýew. Söhbetdeşligiň arasynda Agamyrat aga gyjakda «Torgaý guşlar», «Hemrahym», «Geçdim gitdim», «Çykdym güller», «Mahym jan», «Ýaşylbaş» ýaly ussat halypalaryň çalan şirin sazlaryny ýerine ýetirdi. Şonda ol «Torgaý guşlar» sazyny aýratyn gowy görýändigini aýtdy.
— Halk arasynda «Islendik ýol ilkinji ädimden başlanýar» diýen aýtgy bar. Agamyrat mugallym, sizem ençeme ýyldan bäri aýdym-sazyň möwç urýan ýerinde zähmet çekýärsiňiz. Ilkinji sungat ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz.