Sanlylaşdyrmak — ykdysady kuwwatyň görkezijisi

9 Awgust 2024
499

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, bilim we dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary häzirki wagtda okgunly ösüşe eýe bolup, muňa şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy.

Gülşat AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedra müdiri.