Ösüşleriň röwşen ýoly

7 Awgust 2024
520

Ykdysadyýetiň pudaklarynyň sazlaşykly ösmegi, röwşen geljege gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümçiligiň artmagy, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň rowaçlyga beslenýändigini görkezýär. Halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, gazanylan görkezijiler bolsa ajaýyp hakykaty ýene bir gezek äşgär edýär.

Häzirki zaman dünýäsinde wagt diňe bir ölçeg birligi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, aýratyn gymmata eýedir. Dünýäniň ähli babatda ýyldyrym çaltlygynda özgerýän zamanasynda wagt ýeke bir adamlar däl-de, tutuş jemgyýet we döwlet üçinem gymmatlydyr. Şeýle çalt depginde özgerýän döwür bilen deň gadam urmak üçin öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak oňyn netijeleri gazanmagyň esasy şertleridir. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijiler halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini tassyklaýar.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.