Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde halkara talaplara doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna ýokary ruhubelentlik bilen girişildi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämilerini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Şu Kararyň esasynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatynda degişli şertnamalary baglaşdy.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere laýyk gelýän, has kämil awtomatlaşdyrylan enjamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4 — 6 gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly, ortaça 20 — 30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar we mehanizmler, zerur bolan awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji-düşüriji enjamlar ornaşdyrylan zawodyň dolandyryş ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy bilen bagly bölümlerde işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada dürli görnüşli gämiler, nebit tankerleri, deňiz platformalary, tirkeg gämileri, katerler, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlar, taýýar önümler, enjamlar, gurallar hem ýasalýar. Gämi gurluşygynda we abatlaýyşda esasy zerurlyk bolan uly göwrümli demir listleri işlemek, olary arassalamak, ýylmamak we reňklemek bu häzirki zaman kärhanasynyň esasy hyzmatlarynyň hataryna girýär. Munuň üçin zähmet çekýän hünärmenler ähli zerurlyklar bilen üpjün edilipdir. Şonuň üçin hem bu ýerde ýerine ýetirilýän işlerdir hyzmatlar dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de zawodda bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alnyp barylýan işleriň hem hemişe ýokary hil talaplaryna doly gabat gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.