Häzirki wagtda dünýäde ykdysady gatnaşyklaryň globallaşmagy, önümçilik we söwda gatnaşyklarynyň milli çäkden çykyp, halkara söwda gatnaşyklarynyň kämilleşmegi netijesinde sanly ykdysadyýetiň her bir ulgama ýokary derejede ornaşdyrylmagyna getirdi. Biziň ýurdumyzda hem bu ugurda birnäçe konsepsiýalar kabul edildi. Olarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlenendir.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň düzümleri üstünlikli hereket edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda dünýä tejribesiniň iň oňyn taraplary öwrenilýär.