TULM Hytaýdan konteýner daşamagy amala aşyrýar

6 Awgust 2024
484

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr.

Ýükleri daşamak üçin girdejili çözgütleriň zerurlygy baradaky ýük daşaýjylaryň we iberijileriň beren pikirlerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan ugurlarynda konteýner otlylarynyň tertibini başarnykly we örän amatly bahada düzdi. “Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi” AGPJ Hytaýdan import edilýän harytlary Türkmenistana daşamak üçin edýän hyzmatlarynyň, iberijiler bilen alyjylaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar üçin möhüm tarap bolan konteýner satyn alynmagyny talap etmeýändigini bellemelidiris şeýle hem hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýär.