Senagat we innowasion ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny has-da berkidýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň esasy maksady ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirijisi hökmünde önümçilik pudagynyň ösmegi üçin şertleri döretmekden ybaratdyr. Önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, maýa goýum işjeňliginiň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa usulynda durnukly ösmegine getirdi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk-senagat toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gurluşyk toplumyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatyny ösdürýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda, Diýarymyzyň sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylykdyr sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar, olaryň öňden bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýlelikde, senagat we innowasion ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugur yzygiderli durmuşa geçirilýär.