Saryja tomus: Üçýyldyz döwri

30 Iýul 2024
625

Türkmen halkynyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän Ýyldyz senenamasynyň döwürleri özboluşly howa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ýyldyz senenamasynda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýen atlar bilen ýatlanylýan Üçýyldyz döwri bilen baglanyşykly maglumatlar has-da gyzykly. Bu barada öz habarçymyz Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat Medeniýet köşgüniň direktorynyň orunbasary, mirasgär Çerkez ALLAJYKOWA ýüz tutdy. Şonda ol bu döwür baradaky pikirlerini, çaklamalaryny özüniň toplan baý durmuş tejribesine we ýylyň-ýylyna biri-biriniň üstüni ýetirip gelýän baý gözegçilik maglumatlaryna esaslanyp, şeýle gürrüň berdi:

— Halkymyzda «saryja tomus» ýa-da «tomus paslynyň örküji» diýlip atlandyrylýan Üçýyldyz döwri bu paslyň iň petiş, iň yssy günlerini öz içine alýar. Üçýyldyz dymyk, petiş howaly, Gün şöhlesiniň ýiti günlerinde — iýul aýynyň 23-ine daňdan dogýar we bu döwür awgust aýynyň 12-sine çenli, Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň daňdanlar görünýän wagtyna çenli dowam edýär. Ol hem 12-nji awgusta, daňdan sagat dörde gabat gelýär.

Gürrüňdeşligi ýazga geçiren Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.