Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.