Halk bähbidine gönükdirilen ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň her güni buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şolaryň biri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak bilen bagly gol çeken Permanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň giňişleýin mejlisde nygtaýşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Dogrudan-da, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanyp, ynsanperwer syýasat giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada getirilen maglumatlar hem biziň her birimiziň döwletimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar.