Elektroenergetika: rowaç ýaşaýşyň eşreti

26 Iýul 2024
535

Häzirki zaman dünýäsinde adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin zerur bolan şertleriň arasynda elektrik energiýasyna hem möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny düýpli özgertmek, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda bary-ýogy iki sany elektrik stansiýasy, iki sany hem ýylylyk elektrik merkezi bardy. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan batly depginlerde ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanmagy elektrik energiýasyna bolan zerurlygy has-da artdyrdy. Şunlukda, 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edilip, oňa laýyklykda, Diýarymyzyň her welaýatynda elektrik stansiýalaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Netijede, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda elektrik stansiýalary gurlup, olaryň jemi sany 11-e ýetirildi. Sebitlerimizde iki, hatda üç sany elektrik stansiýasy işläp başlap, olarda öndürilýän elektrik energiýasy içerki sarp edijileri ýeterlik möçberde üpjün etmäge, artykmaç bölegini bolsa daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik döretdi. Elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasyny asma elektrik geçirijileri arkaly ilatly nokatlara, edara-kärhanalara ibermek meselesi-de üstünlikli çözülip, geçen döwürde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometr uzynlykda dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri guruldy, ozal bar bolanlarynyň durky täzelendi.

Mämmetdurdy NYÝAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni.