Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan:
— Halkymyzyň ekin-dikin bilen baglanyşykly döreden nakyllarynyň özi hem uly tejribeden habar berýär. Men «Paýhas çeşmesi» atly kitaby çapa taýýarlamak üçin toplanan nakyllary seljerenimde, olaryň her biri hakynda örän içgin oýlandym. Şeýle nakyllarda siz nämeleriň aýdylýandygy barada oýlanyp görüň, şonda bu sadadan düşnükli bolup görünýän atalar sözleriniň nähili çuň mana eýedigine, nähili beýik tejribä esaslanýandygyna ýene bir ýola göz ýetirersiňiz. Şunuň bilen birlikde, käbir nakyllar barada, gysgarak hem bolsa, öz pikirimi aýdyp geçesim gelýär: