Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

24 Iýul 2024
547

Daýhanyň bagty

Şu günler welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri gowaçanyň idegini ýetirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Her bir kärendeçi gowaçalaryň hasylynyň bereketli bolmagy üçin agrotehniki çäreleri geçirmek bilen meşgullanýar. Baýramaly etrabynyň “Gökdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurgözel Öwezmyradowa hem şolaryň hatarynda. N. Öwezmyradowa şu ýylyň baharynda 15 gektar ýerine gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna görä taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda ekilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum kadaly gögerdi. Daýhanyň yhlasly idegi netijesinde häzirki wagtda şahalary sagdyn, ýapraklary doýgun gowaçalaryň açylýan gülleri hasylyň bereketli boljagyndan habar berýär.