Sarahs etrabynyň «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynda gök-bakja önümlerini öndürmekde hem guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şu ýyl tejribeli bakjaçylaryň yhlasy bilen ýerleriň irgözünden ekişe taýýarlanmagy, topraga tohum taşlanyp ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy netijesinde daýhan hojalygynda garpyzyň guwandyryjy hasyly ýetişdirildi.
Bu gün meýdanlar gözel görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýär. Idegi ýetirilip, dökünden, suwdan kemsiz gandyrylan garpyzly meýdanlaryň bol hasyly göwnüňi göterýär. Daýhanlar hasyly ýygnamak işi bilen gümra. Tejribeli bakjaçy daýhanlar Döwran Ataýewiň, Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň ýetişdiren garpyzlary meýdanlardan ýygnalyp, ak bazarlarymyzda ilata terligi bilen ýetirilýär.