Ähmiýeti artýan gymmatly kitap

12 Iýul 2024
266

Milli Liderimiziň gymmatly hem baý maglumatlary özünde jemleýän kitaplaryny okanyňda, olaryň ähmiýetli aýratynlyklaryna içgin göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň biri-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda örän ähmiýetli bu kitaba diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da gyzyklanmalar barha artýar. Kitabyň birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň birinji jildiniň pars diline terjime edilmegine başlanylmagy bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak maksady bilen, şu ýylyň 2 — 7-nji iýuly günlerinde dostlukly goňşy ýurda amala aşyran iş saparymyzyň barşynda biz bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby öz ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da gyzgyn seslenme döretdi. Lukman Arkadagymyzyň adamlar üçin peýdaly, gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemleýän bu düýpli ylmy işiniň her bir jildiniň çapdan çykandygy baradaky hoş habary watandaşlarymyz uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylaýarlar. Häzirki wagta çenli bu gymmatly kitabyň 15 jildi okyjylara gowşup, halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.