Gyzyl kitap: dördünji neşiriň aýratynlyklary

10 Iýul 2024
809

1985-nji ýylda neşir edilen Türkmenistan SSR-niň Gyzyl kitaby bir jiltden ybarat bolup, oňa oňurgaly haýwanlaryň 101, şol sanda balyklaryň 8, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 1, süýrenijileriň 30, guşlaryň 35 we süýdemdirijileriň 27 görnüşi girizilipdi. Bu neşire ýokary derejeli ösümlikleriň 52 görnüşi-de goşuldy, olaryň berk goraga mätäç bolan ýene 23 görnüşi goşmaça sanaw bilen girizildi.

Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, 1999-njy ýylda ýurdumyzyň Gyzyl kitabynyň gaýtadan işlenen we üsti ýetirilen ikinji neşiri çap edildi. Ol iki jiltden ybarat bolup, birinjisi «Oňurgasyz we oňurgaly haýwanlar», ikinjisi «Ösümlikler» diýlip atlandyryldy. Neşiriň birinji jildine haýwanlaryň jemi 152 görnüşi girizilip, olaryň 45-si oňurgasyz, 107-si bolsa oňurgaly haýwanlara degişlidir.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.