Ak bugdaýyň bereketli hasylyny wagtynda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň edermen gallaçylary hem aýratyn tutanýerlilik görkezýärler. Olar 1 müň 200 gektar ýerde bugdaýyň ähli ideglerini wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirip, guşgursak dänäniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şu günler bolsa ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap, galla kabul ediş bölümine tabşyrmak ugrunda gallaçy kärendeçileriň, hünärmenleriň, kombaýnçylaryň sazlaşykly zähmeti ähli ýerde joş urýar.
Gallaçy kärendeçileriň arasynda başarjaňlygy we janypkeşlikli zähmeti bilen eýeçilik edýän ýerinden göwün diýen hasylyny öndürmegiň abraý bilen hötdesinden gelýän guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Olardan Ogulhan Abdyýewa 20, Jemal Baýarowa 39, Myratguly Orazkulyýew 8, Öremyrat Muhammedow 6,4 gektar kärende ýerleriniň her gektaryndan 40 sentnerden geçirip galla hasylyny ýygnap, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Birkemsiz ýetişen hasyly yrýa etmän ýygnap almakda kuwwatly tehnikalar daýhanyň esasy daýanjy bolup durýar. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kombaýnçylary Gurbanmyrat Akmedow, Şirjan Kosmanow, Myrat Altyýew, Rejep Hajyýew dagy daşary ýurtlaryň kämil tehnikalaryny saz işledip, her biri günde 50 tonnadan gowrak «guşgursak» bugdaý hasylyny ýygnamagyň hötdesinden gelýärler.