Bereketli ekiniň idegi ýetirilýär
Welaýatymyzyň şalyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirdiler we şu günler onuň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu ýyl Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleriniň şalyçylary, degişlilikde, 4 müň 450 we 3 müň 150 gektar ýerde, etrabyň çägindäki «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti 500 gektar ýerde şaly ekişini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Her bir ekiniň ýokary hasyllylygy onuň tohumynyň hiline bagly bolýar. Şonuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamak işleri irgözinden maksadalaýyk alnyp baryldy. Şu ýyl tohumlyk üçin kärhanada şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» ýaly görnüşleriniň tohumy taýýarlanyldy.