Welaýatymyzyň baý we özboluşly tebigaty bar. Onuň ägirt uly giňişliklerinde ösümlikleriň dürli görnüşleri ösýär, haýwanlardyr mör-möjekleriň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Janly tebigat üçin ýangyn iň howply hadysadyr. Şonuň üçinem ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini pugta berjaý etmek, onuň öňüni almak we ýangyn dörän halatynda tiz söndürmek möhümdir. Elbetde, bu ugurda geçirilýän çäreleriň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekde ähmiýeti uludyr. Şonuň bilen bir hatarda, adamlarda, ylaýta-da, ýaşlarda ýangynyň öňüni almagyň zerurlygy baradaky düşünjäni kemala getirmek wajyp wezipe bolup durýar.
Tebigata söýgi döretmek, ýangyn we onuň öňüni almak baradaky düşünje körpeler heniz çagalar bagyna gatnaýarkalar, olaryň aňyna guýlup başlanmalydyr. Munuň üçin ýönekeýje usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynyň meýdançasyna çykaryp ýa-da dag-düze gezelenje äkidip, çagalara tämiz asman, her dürli ösümlikler, mör-möjekler, haýwanlar, bagda saýrap oturan guşjagazlar barada gürrüň berip, olaryň adamzadyň ýaşaýşy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny ýönekeýje sözler bilen düşündirmeli. Janly tebigata ýangynyň nähili zyýan ýetirýändigini suratlar arkaly çaganyň aňyna ýetirmeli.