«Gel, dutarym, sözleşeli...»

3 Iýul 2024
254

Balkanabat şäherinde ýerleşýän Nebitçileriň medeniýet köşgüne barsaň, welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň suratlarynda nazaryň eglenýär. Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlaryň nurana keşplerini synlanyňda, kalbyňy ýakymly duýgularyň gaplap alanyny duýman galýarsyň. Şol ýakymly duýgular bolsa milli öwüşgine baý bolan aýdym-saz sungatymyz, onuň ösüşli menzilleri we häzirki ajaýyp zamanamyzda ýeten belentlikleri, halkyň köňül töründe orun alan senet eýeleri baradaky buýsançly oýlanmalara ulaşýar.

Mekdepde edebiýat sapagyny has-da gowy görýän, çeper eserleri ürç edip okaýan ýetginjek oglan-gyzlaryň goşgy ýazmaga synanyşmadygy ýok bolsa gerek. Özümiň bu babatdaky ilkinji ädimimiň türkmen dutaryna bolan buýsanjy beýan etmek bilen başlanandygy şu günki ýaly ýadymda. «Dutar, seniň gudratyňa haýran men» diýen setir bilen başlanýan goşgy, soň-soňlar göz ýetirişim ýaly, çeperçilik taýdan gowşajyk çykanam bolsa, damarynda türkmen gany aýlanýan oglanyň öz milliligine bolan buýsanjyny, gara gazma dutarly şahandaz halkyna söýgüsini ýüze çykarmaga çalşypdy...

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».